Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi

17:1723.08.2021
0
12059

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iýul aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konsernine aýratyn çylşyrymly guýularyň üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek hem-de ulanmaga tabşyrmak barada «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Taslamanyň möhleti 30 aý bolan guýularyň her biri gije-gündiziň dowamynda tebigy gazyň ortaça 3 million kubmetrine golaý önümini bermegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary ýurdumyzyň gaz pudagy üçin möhüm waka bolan — «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurlup başlanmagy bilen gutlady. Şeýler hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen üstünlikli ösýän strategik hyzmatdaşlygynyň berkeýändigine üns çekdi.

Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen, «Internasional Ltd» Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlu çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýularynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni, teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizden «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Galkynyş» gaz käniniň gaz guýusynda alnyp baryljak buraw işlerine ýorite taýýarlanylan düwmäni basyp ak pata berdi.

Şeýlelikde, maslahata gatnaşyjylar «Galkynyş» gaz käninde gaz guýusyndaky buraw işleriniň dabaraly başlanyşyna uly ruhubelentlik bilen teleköpri arkaly syn etdiler we şanly wakanyň şaýady boldular.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde onuň ähmiýeti örän uludyr. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi bu ugurda giň gerimli taslamalaryň biri boldy. Onuň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kubmetre golaý möçberde kesgitlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň