Aşgabatda adam hukuklary baradaky Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

10:5123.08.2021
0
11487

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde döwlet Baştutany tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde abraýly institutlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlaryna garaldy.

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Toplanan baý tejribä esaslanyp, soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. BMG, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ynsanperwerlik ulgamy ýaly wajyp ugurda netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.Ýaşlar syýasaty, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

Mejlisiň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.

Mejlisde beýleki meselelere hem garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň