Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilat ýazuwyny geçirmek üçin wagtlaýyn işgärler alnar

19:0322.08.2021
0
16104

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek we maglumatlary toplamak üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň hem-de ýerine ýetiren işleri üçin olara berilýän birwagtlaýyn tölegiň tertibi kesgitlendi. Ol Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 3-nji awgustda çykaran buýrugy bilen tassyklandy.

Ilat ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti kämillik ýaşyna ýeten, ýokary ýa-da orta hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlaryny işe çekmäge haklydyr. Türkmenstat bilen şu bölekde görkezilen işe çekilen raýatlaryň gatnaşyklary 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Şertnama esasynda düzgünleşdirilýär.

Şeýle hem 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Şertnamanyň nusgasy tassyklanyldy. Sanaýjy hökmünde işe çekilen raýatlara Ilat ýazuwy döwründe ýerine ýetiren işi üçin birwagtlaýyn tölegiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden pes bolmaly däldir. Belläp geçsek, Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky häzirki wagtda 957 manat möçberde kesgitlendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň