Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hyratdaky konsuly «Таlibanlaryň» ýerli wekilleri bilen duşuşdy

21:5818.08.2021
0
31008

18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzak möhletleýin geljekde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, şol gün Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly hem «Таlibanlaryň» Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirip, Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň