Türkmenistanyň DIM-i Owganystandaky ýagdaý boýunça Beýannamasyny çykardy

15:5518.08.2021
0
17693

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ýaýbaňlanyşyny üns merkezinde saklamagyny dowam edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen tarapy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiriýändigini aýratyn belleýär. Şunlukda Türkmenistan owgan meseleleriniň ähli aýratynlyklarynyň syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň ulanylmagy arkaly parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolmagynda galýar.

Resmi Aşgabat Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär we bu ýurtdaky täze döwlet institutlarynyň ýakyn wagtda hukuk giňişliginde we Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda dörediljekdigine ynam bildirýär.

Owganystanyň hoşmeýilli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyklykda ýurtda parahatçylygyň, raýat ylalaşygynyň hem-de durnuklylygyň, Owganystanda ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň ýola goýulmagy babatynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermeklige gönükdirilen özüniň oňyn işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň