Türkmenistanda ilkinji aň-bilim programmasy bolan «TT Bilim» işe girizildi

17:4516.08.2021
0
19379

«Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýeti onlaýn okuw gollanmasy görnüşinde ilkinji aň-bilim «TT Bilim» platformasyny mugt işe girizdi.

«TT Bilim» onlaýn okuw gollanmasynyň kömegi bilen tiz wagtda ulanyjylar öz bilimlerini bu platformanyň beýleki agzalary bilen paýlaşyp bilerler.

«TT Bilim» platformasy türkmen dilinde dürli mowzuklar boýunça dürli peýdaly maglumatlary, prezentasiýalary, kitaplary, şeýle hem hukuk maglumatlaryny (kodeksleri, kanunlary), kazyýet tejribesini, geňeşmeleri, hukuk, maliýe, ykdysadyýet, buhgalteriýa we başga-da onlarça hünär ugurlaryna degişli okuw gollanmalaryny öz içine alýar.

«TT Bilim» platformasy talyplar üçin örän peýdaly, sebäbi, olara bu onlaýn okuw gollanmasyndaky maglumatlar bilen okuwa we sessiýa taýýarlyk görmeklik, kurs işlerini we diplom işlerini ýazmaklyk has aňsat bolar.

Mundan başga-da, «TT Bilim» platformasynyň çeşmelerini mugallymlar, terbiýeçiler we geňeşçiler bilen birlikde okuw bilen gyzyklanýan her bir adam ulanyp biler. Bu ýerden islendik ders we islendik mowzuk boýunça maglumatlar tapyp bilersiňiz.

Şeýle hem, «TT Bilim» platformasynyň WEB saýt görnüşine şu ýere basyp girip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň