Aşgabatdaky futbol mekdebi täze okuwçylaryny saýlap alar

13:0314.08.2021
0
7639

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 5-ine Aşgabat şäherinde ýaşaýan çagalar üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň («Dagdan») meýdançasynda (köç.Kemine 64) sagat 08.00-dan 10.00-a çenli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi 2014-nji ýylda doglan höwesjeň oglanlary saýlap-seçip, futbol mekdebine kabul edýär.

Bu baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.

Ýanyňyz bilen sport geýimleri we aýakgap getirmeli, şahadatnamanyň nusgasy we 1 surat (3х4 ölçegde).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň