Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidentini ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

13:5212.08.2021
0
12220

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň 16 ― 17-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirijek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyrdy.

Täjik Liderinden gelen Hatda şu ýyl bu Guramanyň 20 ýaşaýandygy nygtalýar. «ŞHG geçen döwürde halkara giňişlikde abraýly we depginli ösýän, sebitiň täze görnüşli birleşmesi hökmünde ykrar edilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar» diýip, täjik halkynyň Lideri öz Hatynda ýazýar.

«Şu şanly ýylda Täjigistan Respublikasyna ŞHG-ä başlyklyk etmek hormaty nesip etdi we 16-17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde guramanyň şanly sammiti geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ŞHG-ä agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde, başlygyň hormatly myhmany hökmünde bu möhüm syýasy çärä gatnaşmaga uly kanagatlanma bilen çagyrýaryn.

Gadyrly dostum, Sizi Täjigistanyň gadymy topragynda mübäreklemäge tüýs ýürekden şat bolaryn» diýip, Emomoli Rahmon sözlerini tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň