Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministri BAE-niň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

21:5210.08.2021
0
7815

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow BAE-niň ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar aragatnaşyk, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, çünki taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr. Şeýle hem Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň