Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynynyň medal basgançagynda 77-nji orny eýeledi

20:3808.08.2021
0
29716
Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynynyň medal basgançagynda 77-nji orny eýeledi

23-nji iýul ― 8-nji awgust aralygynda Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy.

Oýunlara 9 türgen bilen gatnaşan Türkmenistanyň sport ýygyndysy bir medala mynasyp boldy. Has takygy, agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy.

Şeýlelikde, Türkmenistan medal gazanan döwletleriň arasynda 77-nji orny eýeledi.

Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlaryna Milli Olimpiýa komitetleriniň 205-siniň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň