ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda iýuldan bäri öňüni almak başartmaýan we “Diksi” diýlip at berlen ýangyna ştatyň bütin taryhynda iň howpl ýangyn diýlip baha berildi. Bu şäheriň 150 ýyllyk taryhy bar. Ýangyn eýýäm ştatyň çäginde tokaýlaryň 130 müň gektaryny ýok etdi. Ony agyzdyryklamak bolsa hiç eýgerder ýaly däl, ol ähli zady özüniň “alawly dili” bilen ýalmap-ýuwdup barýar. Munda “Diksä” jokrama yssy howa, şemal we gurakçylyk ýardam edýär. Eýýäm bu ýerde Grinwill şäheri doly ýanyp kül boldy, Almanor kölüniň ýakasyndaky Çester şäheriniň ýaşaýjylary howpsuz ýerlere göçürildi.
Ýangyna garşy 5 müňden gowrak adam göreşýär. Howply etraplaryň ilatyna öýüni-malyny terk edip, şirin janyny halas etmegi maslahat berýärler, ýangyn eýýäm bu ýerde ýüzlerçe öýleri ýakyp-ýandyrdy.
“Ýangynyň tüssesi hatda kosmosdan hem görünýär” diýip, hünärmenler aýdýarlar.