Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesi Awazada geçirilen gala-konserti görkezer

18:1207.08.2021
0
19841

Şu gün türkmen telewideniýesi 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň gala-konsertini tomaşaçylara hödürlär.

Konsertiň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:10-da türkmen telewideniýesiniň ähli ýaýlymlarynda görkezilmegine garaşylýar.

Konsertde Özbegistanyň halk artistleri Ýulduz Jumabaýewanyň, Ozodbek Nazarbekowyň, Gazagystanyň halk artisti Roza Rymbaýewanyň, Gazagystanly ýerine ýetiriji Dinmuhammet Kudaýbergeniň, köp sanly halkara gözden geçirlişleriň gyrgyzystanly ýeňijileri Guljigit Kalykow bilen Gülzynat Surançiýewanyň, täjigistanly aýdymçylar Bahtiýor Ibrahimow bilen Muhammadrafi Karomatullonyň, gazagystanly Ruhiýa Baýdukenowanyň we özbegistanly aýdymçylar Bunýod Saidowyň hem-de Tuklinbaý Jabborowyň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň