Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşyda geçirilen halkara sergide "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýetiniň önümleri görkezildi

17:4618.08.2021
0
11114

“Aýdyň Gijeler” HJ 6-7-nji awgustda Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň çäginde geçirlen Milli önümleriň halkara sergisinde öz önümlerini halk köpçüligine hödürledi.

Bu halkara sergisi Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Sergide türkmen önüm öndürijilerinden başga-da Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň işewür wekilleri öz önümleri görkezdiler.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde dürli görnüşli köp sanly sarp ediş harytlary – azyk önümleri, egin-eşik we aýakgap önümleri, awtoulaglar bilen oba hojalyk tehnikalary we başga-da birnäçe önümler görkezildi.

"Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda elektron we elektrik önümlerini öndüriji ilkinji hususy kärhanadyr. Bu hojalyk jemgyýeti öz işine 2017-nji ýylda dürli ululykdaky LED panel lampalary, LED lampalar, energiýa tygşytlaýjy lampalar we köçe yşyklandyryş enjamlary öndürmek bilen başlady. Häzirki wagtda bolsa, birnäçe elektroniki önümlerini öndürmek bilen öz işini giňeltmegi dowam edýär. Olaryň arasynda: 2018-nji ýyldan bäri çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň ýygnalmagy, 2019-njy ýylda ýokary woltly awtoulag ýollaryna dürli yşyklandyryjylaryň goýulmagy, şeýle-de 65, 55, 42 we 32 dýuým ölçegindäki “Älem”, “Zemin”, we “Tolkun” akylly telewizorlarynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy girýär. Öndürilýän önümleriň ählisi resmi taýdan sertifikatlaşdyrylan. 2020-nji ýyldan bäri netbuk we notbuk kompýuterleriniň “Milli” we “Körpe” öýjükli we akylly telefonlaryň, “Uçgun” Wi-Fi routerleriniň, “Mylaýym” howa sowadyjylarynyň, ulgam kommutatorlarnyň, “Teşne” agyz suw sowadyjylarynyň, “Şowly” kompýuter monobloklarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýeti "Tolkun" hem-de "Zemin" brendli akylly telewizorlary, "Teşne" brendli kulerleri, "Körpe" brendli ykjam telefonlary, "Milli" brendli smartfonlary, «Uçgun» brendli routerleri we «Mylaýym» brendli howa sazlaýjylary (kondisionerleri) görkezdi.

"Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýeti importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmeklik boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Kärhananyň esasy maksady ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli we amatly bahaly elektroniki önümler bilen üpjün etmek.

Häzirki wagtda önümler Owganystan we Gazagystan döwletlerine eksport edilýär. Şeýle hem kärhananyň öndürýän telefonlaryny we smart telewizorlaryny Gyrgyzystan we Täjigistan Respublikalaryna eksport etmek üçin duşuşyklar geçirilýär.

Ýakyn geljekde, ýagny sentýabr aýynda bolsa Russiya Federasiyasyna energiýa tygşytlaýjy dürli görnüşli LED lampalary ugratmagy hem meyilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Wideo:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň