Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti we Russiýanyň elektron önümlerini öndüriji “Mikron” kompaniýasy bilelikdäki taslamalary iş girizerler

21:0430.06.2021
0
14837

Öň hem habar berşimiz ýaly, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Ýewropanyň we Aziýanyň tehnologiýa enjamlaryny öndüriji öňdebaryjy kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar.

Ýakynda türkmen kompaniýasynyň wekilleri Moskwa şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda Russiýanyň “Mikron” paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Memoranduma gol çekdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Mikron” Russiýada mikroelektron önümleri öndüriji we eksport ediji kompaniýa bolup durýar. Onuň önümçiligi elektrik üpjünçiliginiň dolandyrylyşy boýunça integral mikrogurluşlardan, diskret ýarymgeçiriji enjamlardan, RFID-çiplerden we kartlardan başlap, “akylly” şäherleriň dolandyrylyşy boýunça enjamlara çenli öz içine alýar.

Memoranduma laýyklykda, “Aýdyň gijeler” HJ bilen “Mikron” PJ Türkmenistanda obýektleri barabarlaşdyrmak, senagat harytlaryny nyşanlamak, uzak aralykdan girmek ulgamlary bilen üpjün etmek, Türkmenistanyň çäginde elektron resminamalary öndürmek boýunça inletleri we inleýleri, ykjam-kartlary we RFIT-belgileri öndürmekde bilelikdäki öňdebaryjy innowasion taslamalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk ederler.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti türkmen paýtagtynda gurulýan “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň elektrotehnologiki enjamlar bilen üpjünçiligi babatda taslamany amala aşyrýar. Kompaniýa bu ugurda eýýäm “Optoled Elektrik Elektronik Aydinlatma Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen daşky yşyklandyryşyň “akylly” torşerleriniň hyzmatlary boýunça ylalaşyk baglaşdy.

Häzirki wagtda türkmen kompaniýasynyň ýolbaşçylary şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda hytaýly işewürler bilen gepleşikleri geçirmek üçin Hytaý Halk Respublikasyna nobatdaky iş saparyna taýýarlyk görýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň