«Türkmenistan: Sport» täze möwsüminde hem Fransiýanyň çempionatyny alyp görkezer

19:3406.08.2021
0
6925

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy öňümizdäki futbol möwsüminde hem Fransiýanyň iň ýokary ligasynyň ― «Liga 1»-iň iň gyzykly duşuşyklaryny göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirer.

Şu hepdäniň anna güni başlanjak täze möwsümiň ilkinji duşuşygy 6-njy awgustda «Monako» bilen «Nantyň» arasynda bolar. Ýaýlym gije sagat 23:55-de başlajak bu duşuşygy tomaşaçylaryna göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem «Liga 1»-iň türkmenistanly janköýerleri 7-nji awgustda «Lýon» ― «Brest (19:55) we «Trua» ― PSŽ (23:55) duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler. 8-nji awgustda bolsa «Renn» ― «Lans» (15:55), «Metz» ― «Lill» (19:55) we «Monpelýe» ― «Marsel» (23:40) duşuşyklaryna tomaşa edip bileris.

T/b Sene Çempionat Duşuşyk Wagty Ýaýlymyň görnüşi
1 06.08.2021 “Liga 1” - Fransiýa “Monako” – “Nant ” 23:55 GÖNI ÝAÝLYM
2

07.08.2021

“Premýerşip” – Şotlandiýa “Dandi Ýunaýted” – “Reýnjers ” 16:25 GÖNI ÝAÝLYM
3 “Liga 1” - Fransiýa “Lion” – “Brest” 19:55 GÖNI ÝAÝLYM
4 “Liga 1” - Fransiýa “Trua” – PSŽ 23:55 GÖNI ÝAÝLYM
5 “Liga 1” - Fransiýa “Renn” – “Lans” 15:55 GÖNI ÝAÝLYM
6 08.08.2021 “ Liga 1” - Fransiýa “Metz” – “Lill” 19:55 GÖNI ÝAÝLYM
7 “Liga 1” - Fransiýa “Monpelýe” – “Marsel” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň