Berdimuhamedow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German bilen duşuşdy

18:5506.08.2021
0
8587

6-njy awgustda «Awazada» Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German bilen duşuşdy.

Netijeli geçen söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki sammitiniň ýerliklidigini we öz wagtynda geçirilýändigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu ýokary derejeli waka sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy taraplary barada pikir alyşmak we karar bermek üçin meýdança boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň