Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

11:0306.08.2021
0
7297

Şu gün – 6-njy awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

«Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal habar berşi ýaly, özbek Lideri 5-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine geldi.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Awazada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň ýokary derejede guralýandygyny we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, sebit we halkara çäklerdäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de döwlet Baştutanlary koronawirus pandemiýasynyň häzirki çylşyrymly şertlerine garamazdan, türkmen-özbek dostluk, hoşniýetlilik we strategik hyzmatdaşlygyň ýokary ösüşlere eýe bolmagynda galýandygyny bellediler.

Bellenilşi ýaly, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, Günorta Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ulag geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmak, Aşgabat ylalaşygy boýunça halkara ulag-üstaşyr ýollaryny döretmek ýaly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlary medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine-de üns berdiler. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary barada özara pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri özara ynam we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek isleýändiklerini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň