Agyr atletikaçy Öwez Öwezow Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda öz agram derejesinde ilkinji 10-luga girdi

21:1203.08.2021
0
18468
Agyr atletikaçy Öwez Öwezow Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda öz agram derejesinde ilkinji 10-luga girdi

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän Öwez Öwezow agyr atletika boýunça 109 kg çenli agram derejesindäki ýaryşda ilkinji 10-njy orny eýeledi.

Öwez Öwezow umumylykda 371 kg agramy göterdi (171 kg silterläp we 200 kg itekläp).

Ýaryşda birinji orny Özbegistandan Akbar Žuraýew — 430 kg (193+237), ikinji orny Ermenistandan Simon Martirosýan — 423 (195+228), üçünji orny bolsa Latwiýadan Arturs Plesniýeks — 410 kg (180+230) mynasyp boldy.

4-nji awgustda ildeşimiz Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň