Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Olimpiýa şäherçesinde türgenleşýär

21:5102.08.2021
0
7768

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu baradaTFF-niň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda 2-9-njy awgust aralygynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini gözden geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň