Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda wideoaragatnaşyk arkaly «Harytlaryň gümrük bahasy» atly okuw çäresi geçirildi. Bu çäräniň geçirilmegine Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherindäki mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi ýardam etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» gullugyň resmi saýtyna salgylanyp habar berdi.
Bäş gün dowam eden okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirildi.
Maslahatyň maksady, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň işgärleriniň harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler boýunça habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat.
Maslahatyň dowamynda BSG Ylalaşygynyň esasy ýörelgelerine, gümrük bahasyny kesgitlemek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalara, harytlaryň gümrük bahasynyň kesgitlemegiň usullaryna we tärlerine, ygtyýarnama we kärende töleglerini kesgitlemegiň usullaryna, harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň usullaryny ulanmak boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň tekliplerine we kararlaryna seredildi.
Okuw maslahatyň jemleýji böleginde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasyna, hususan-da ýokarda agzalan bilermenlere, şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherindäki mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezine şu çäräniň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler we geljekde hem Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilip şeýle çäreleriň geçiriljekdigine ynam bildirdiler.