Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de awiaýangyjyň täze görnüşi öndürilip başlandy

10:0031.07.2021
0
10776

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir. Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. Bu barada toplumyň resmi web saýtynda habar berildi.

TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar. Toplumyň taslamasyny düzmek we getirmek «Merichem Chemicals Refinery Services LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy, ýygnamak we gurnamak işlerini türkmen hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Çykarylýan nebit önümleriniň görnüşini giňeltmek we möçberini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebithimiýaçylarynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde TNGIZT bu gün sebitde awtoulag benzinlerini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropilen, öndürýän iri kärhana bolmak bilen, onuň önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Çig maly düýli arassalamak arkaly altynýan täze Jet A-1 awiakerosininiň ilkinji tapgyryny Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlemek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň