"MIR": türkmen türgenleri gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýärler

11:3230.07.2021
0
8290

Mälim bolşy ýaly, türkmenistanly türgenler şu günlerde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýarlar. Geljekde bolsa biz wekillerimizi gyşky Olimpiýa oýunlarynda hem görüp bileris. Russiýanyň «MIR» teleýaýlymy tarapyndan berlen wideohabarda türkmen türgenleriniň öňümizdäki gyşky Olimpiýa oýunlaryna hem ýokary derejede taýýarlyk görýändigi aýdylýar.

Şeýlelikde, milli sportumyzyň taryhynda ýene bir täze sahypa ýazylar. Mundan ozal biziň ýurdumyzyň sport wekiliýeti gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmandy. Häzir bolsa türgenlerimiziň muňa-da mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilik hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini hem ösdürmek baradaky aladalarynyň netijesinde döredi. Şeýlelikde, Aşgabatda we Awazada buzly sport toplumlarynyň eýýäm birnäçesi peýda boldy. Olarda sportuň Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen bölümleri yzygiderli açylýar. Şeýlelikde, türkmenistanly hokkeýçileriň, figuralaýyn typyjylaryň we şort-trekçileriň geljekki gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligi has artýar.

Teleýaýlymyň habarçysynyň belleýşi ýaly, ýylyň, takmynan, 250 güni açyk howaly bolýan Türkmenistanda indi sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanylmagy täzelik ýa-da täsinlik däl. Ýurdumyzdaky buzly toplumlara gatnaýan çagalardyr ýaşlaryň sany gün geçdigiçe artmak bilen.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ýakynda Halkara konkiçiler birleşiginiň agzasy boldy. Ýakynda bolsa ýurdumyzda kýorling boýunça milli federasiýa işläp başlar. Biziň türgenlerimiz ilkinji nobatda Aziýa çempionatlarynda, soňra-da, Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň