Polina Gurýewanyň ejesi gyzynyň Olimpiýa medalyna mynasyp bolmagyna garaşýardy

00:3228.07.2021
0
51257

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmenistanly agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Täsin ýeri, bu ýakymly habara başarjaň türgeniň maşgalasy geň galmady. Metbugat sahypalarynda ýazylyşy ýaly, 21 ýaşly türgeniň ejesi Swetlana Gurýewa gyzynyň Olimpiýa oýunlaryndan medally dolanmagyna garaşýardy.

― Ol ugramazyndan öň hökman medal bilen dolanjakdygyny aýdypdy. «Eje, medal meniňki bolar. Medally dolanaryn» diýip, ynamly gepläpdi. Ine, Polina muny başardy. Bu üstünligiň meni nähili begendirendigini göz öňüne getirip hem bilmersiňiz ― diýip, Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji türkmenistanly medalçysynyň ejesi şatlygyny paýlaşdy. ― Duýgularymy söz bilen beýa edip bilemok. Gyzym Watanymyza Olimpiýa medalyny sowgat etdi. Hemmeler ýaly, onuň çykyşyny men hem sekuntma-sekunt yzarladym. Ýaryşa türgeniň ejesi bolup çykyş etmegiň, elbetde, özüne ýetik hupbaty bar. Ýöne Polina agyrlyklaryň ençemesine döz gelen gyz. Indi onuň ýaryşlaryna arkaýyn tomaşa edýän diýsem hem boljak. Ol ýeňiş gazanan dessine şatlygymy goňşularyma, ýakynlaryma ýetirmän bilmedim. Şol wagt oglum hem ýanymdady. Ol Polinanyň ul dogany. Bu ýeňiş maşgalamyza ýatdan çykmajak baýramçylyk bagyşlady.

Olimpiýa oýunlarynyň wise-çempionynyň ejesi gyzyna enelik ýüzlenmesini hem metbugatyň üsti bilen ýetirdi:

― Polina, men saňa guwanýaryn. Sözler duýgularymy beýan ederden ejiz gelýär. Saňa ýene-de üstünlik, esasy zat bolsa saglyk arzuw edýärin, gyzym! Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bir başga, onda medal gazanmak bir başga. Bu ýakymy maňa bagyşlanyň üçin köp sag bol!

Bagtly enäniň Olimpiýa medally gyzy heniz 21 ýaşynda. Agyr atletika bilen mundan 10 ýyl ozal meşgullanyp başlan Polina çagalykda ilki gimnastika höwes edipdi, ýöne soňra agyr atletika ony özüne çekdi. Türkmen halkyna Altymyrat Orazdurdyýew, Ýulduz Jumabaýewa ýaly dünýä çempionlaryny beren sportuň şol wagt 12 ýaşly Polinany özüne çekmeginiň aňrysynda bir hikmet bar eken. Şol hikmet hem XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýüze çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň