Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

23:0225.07.2021
0
4038

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Maharaştra ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary we süýşgünler zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

TDH-nyň habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Hindistanyň günbataryndaky Maharaştra welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli ýüze çykan ýumrulmalaryň we süýşgünleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 138 adama ýetdi. Bu barada NDTV ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň