Arhiw

Daşoguzda gök we bakja ekinleriniň ýygymy dowam edýär

13:4226.07.2021
0
2350
Daşoguzda gök we bakja ekinleriniň ýygymy dowam edýär

Ýurduň demirgazygynda gök we bakja ekinleriniň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. S.A. Nyýazow adyndaky etrapda gowy netijeler gazanyldy, bu ýerde häzire çenli 321 tonna düýp sogan, 884 tonna pomidor, 818 tonna käşir ýygnaldy. Hyýar ýygmak boýunça tabşyryk ýerine ýetirildi, ýakyn günlerde kelem taýýarlamak boýunça hem ýyllyk tabşyrygy amal ediler. Sebitde gök ekinleri esasy öndüriji Gurbansoltan eje adyndaky etrapda hem ýygym ýokary depginde alnyp barylýar, bu ýerde 180 gektar meýdandan 4 507 tonna pomidor ýygnalyp, ýyllyk tabşyryk artygy bilen amal edildi, şeýle hem hyýar we käşir ýygnamak tabşyrygy hem ýerine ýetirildi. Ýazlyk sogan ýygymy hem tamamlanyp barýar, eýýäm onuň 7000 tonnadan gowragy ýygnaldy. Atyzlardan üç müň tonnadan gowrak bakja ekinleri ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň ýaryndan gowragydyr.

Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda hem ýygym guramaçylykly we ýokary depginde alnyp abrylýar.

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary azyk bolçulygyny üpjün etmek we ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça çärelere saldamly goşant goşýarlar. Üstünlik oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmek, ýerli howa şertlerine uýgunlaşan ekin görnüşlerini saýlap almak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak arkaly gazanylýar. Toplanylan baý tejribe, kuwwatly tehnikalar, ýyladyşhana hojalyklarynyň sanynyň artmagy, şol sanda ekinleriň käbir gönüşlerinden, meselem, ýeralmadan, käşirden we düýp sogandan ýylda iki gezek hasyl alynmagy netijesinde sebitde gök-miwe ekinlerini öndürmegiň möçberi yzygiderli ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň