Arhiw

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýarym ýyllyk meýilnama 132 göterim berjaý edildi

13:1025.07.2021
0
4666
Türkmenabadyň tikin fabriginde ýarym ýyllyk meýilnama 132 göterim berjaý edildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 21 million 661,5 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu alty aý üçin göz öňünde tutulanyndan 5 million 221 müň manatlyga ýakyn köpdür ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Başgaça aýdanymyzda, kärhanada alty aýlyk meýilnama 132 göterime ýakyn berjaý edildi. Önümçiligiň depgini kärhanada ýyllyk meýilnamanyň hem möhletinden öň doldurjakdyklaryna güwä geçýär. Onuň üçin 13 million 856 müň manatlyk gowrak işi ýerine ýetirmek galdy. Şonda 35 million 518 müň manatlykdan gowrak tikin önümlerini öndüriler.

Fabrikde önümleriň 80-den gowrak görnüşi çykarylýar. Olaryň hatarynda harby eşikler, ulular we kiçiler üçin niýetlenen eşikler, dürli görnüşli düşek toplumlary, ýorgan we ýassyk daşlary, düşek örtükleri we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň