Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝUNESKO köptaraplaýyn we milli teklipleriň ençemesini hödürledi

22:3023.07.2021
0
4893

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.

Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar.

Milletiň Lideriniň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda Türkmenistanyň hödürnamalaryny ilerletmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri» atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň «Adam we biosfera» atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Şunda ÝUNESKO bilen däbe öwrülen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, olaryň hatarynda üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar bar. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda BMG-niň bu iri düzümi bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem-de taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we ekologiýany gorap saklamak ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň innowasion ösüşe, sanly ulgama geçmäge, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga tarap ugur almagy bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak babatda amatly mümkinçilikler açylýar. Dünýä ýüzünde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çärelere hem aýratyn üns berilýär.

Milletiň Lideri ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, degişli ugurda yzygiderli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň öňe süren netijeli başlangyçlaryny ilerletmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň