Soňky habarlar

Arhiw

«Первый канал» Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny göni ýaýlymda alyp görkezer

11:2223.07.2021
0
8604
«Первый канал» Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny göni ýaýlymda alyp görkezer

Şu gün Tokio şäherinde XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Tokionyň Milli olimpiýa stadionynda geçiriler. Oňa tomaşaçylar kabul edilmez.

Açylyş dabarasy Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 16-da başlanar. Türkmenistanlylar bu dabara Russiýanyň «Первый канал» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip biler. Ýaýlym Türkmenistanyň çägindäki IPTV ulgamynda elýeterlidir.

Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 9 türgen gatnaşýar. Açylyş dabarasynda her bir döwletiň baýdagyny bir zenan we bir erkek türgen bilelikde göterer.

Şeýle hem Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Tomusky Olimpiýa oýunlary şu gün başlanyp, 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň