Arhiw

Türkmenistana «KamAZ-yň» gurluşyk tehnikalarynyň tapgyry getirildi

17:3422.07.2021
0
11000
Türkmenistana «KamAZ-yň» gurluşyk tehnikalarynyň tapgyry getirildi

«RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasy demir ýol arkaly Sankt-Peterburgdan Aşgabada «KAMAZ-yň» binýadynda iki sany awtobetonnasos enjamyny getirdi. Bu barada demir ýol gatnadyjysynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýük iki sany uniwersal demirýol platformasyna ýüklenilip, Gazagystan Respublikasyndaky Bolaşak serhet geçelgesinden Türkmenistana getirildi. Enjamlaryň umumy agramy 66 tonnadan gowrakdy.

«RŽD logistika» PJ-niň şahamçasynyň Sankt-Peterburg bölüminiň müdiri Dmitriý Krýukowyň aýtmagyna görä, bu taslama durmuşa geçirilende, müşderiniň şahsy zerurlyklaryny göz öňünde tutýan ýokary hilli hyzmat ýerine ýetirildi. Onuň sözlerine görä, ýüki getirmekde dessinlik uly gurluşyk taslamasynyň işe girizilmeli senesiniň bozulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň