Soňky habarlar

Arhiw

Suw joşguny sebäpli «iPhone»-yň Hytaýdaky zawody ýapylýar

16:2522.07.2021
0
2723
Suw joşguny sebäpli «iPhone»-yň Hytaýdaky zawody ýapylýar

Hytaýda emele gelen suw joşguny «iPhone» kompaniýasynyň bu döwletdäki iň iri zawodynda elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy. «3dnews.ru» neşiriniň Çžençžou şäherinde ýerleşýän zawodyň binasyna suw girdi.

Kompaniýa suw joşmasyna garşy adatdan daşary ýagdaýy öňünden meýilleşdirendigini aýdyp, suwuň önümçilik desgalaryna ýetiren zelelini inkär etdi. Zawod tarapyndan suw joşmasynyň iň ýokary derejesinde käbir işçileriň çygly bolmazlygy üçin önümçilik enjamlaryny we inwentarlary göçürendigini aýtdy.

«Foxconn»-yň işgärleriniň köpüsine çarşenbe güni öýlerinde galmaga rugsat berdi. Ýöne käbir gurnama ulgamlary işleýär. «3dnews.ru» bu barada kärhananyň işgärleriniň zawoda gaýdyp gelmegiň takyk wagtynyň howa şertlerine baglydygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň