Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Sankt-Peterburgda Lermontowa bagyşlanan festiwala gatnaşar

21:5921.07.2021
0
6662

«News-centre.ru»-nyň habaryna görä, 22-nji iýulda Newa kenaryndaky şäherde ýerleşýän «Lermontow_Fest»-de «Türkmenistanyň güni» geçiriler.

Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň wekilleri Mihail Ýurýewiçiň eserlerini türkmen dilinde okarlar. Şeýle hem bu agşamda dutarda saz eserleri çalynar. Agşamyň ahyrynda režissýorlar Baba Annanowyň we Kerim Annanowanyň «Zöhre ― Tahyr» atly çeper filmi halka hödürlener.

Festiwal 19-njy iýulda şäheriň M.Ý.Lermontow adyndaky Merkezi kitaphanasynyň Ak zalynda Türkmenistanyň wekilçilik edýän «Merkezi Aziýada Lermontow» çäresi bilen açyldy. Şeýle hem festiwalda «Lermontow we Romanesk dünýäsi», «Lermontow we Russiýa dünýäsi» programmalarynda çeper filmler, teleýaýlym operalarynyň wideo görnüşleri we çykyşlar, Gündogar, Ýewropa, Russiýanyň ýazyjylarynyň ykbaly barada sergiler görkeziler. Festiwal 30-njy iýulda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň