Soňky habarlar

Arhiw

“Hazar Logistik” türkmen kompaniýasy deňiz ýük gatnawlary hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar

17:1321.07.2021
0
4692
“Hazar Logistik” türkmen kompaniýasy deňiz ýük gatnawlary hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar

Logistika, ýükleri ammara ýerleşdirmek, paýlamak, fraht we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak pudagynda köp ýyllyk tejribä eýe bolan “Hazar Logistik” Hususy kärhanasy Hazar logistika toparynyň deňiz ýük gatnawlary boýunça hyzmatlaryndan peýdalanmagy hödürleýär

Öňdebaryjy ýük daşaýyş liniýalary we halkara portlary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen “Hazar Logistik” Hususy kärhanasy şu aşakdakylary üpjün edýär:

  • Derwaýys ýüklere esasy ünsi bermek bilen konteýnerlere iň çalt görnüşde ýük ýükleýiş işlerini geçirmek;
  • Porta gelýän konteýnerleri çalt eltip bermek;
  • Ähli ýanynda iberilýän resminamalaryň resmileşdirilmegini kepillendirmek.

“Hazar Logistik” Hususy kärhanasy her bir müşderä aýratyn çemeleşmek bilen talabalaýyk konteýner gatnawlaryny we toplumlaýyn amallary ýerine ýetirýär.

Mundan başgada portlarda agentlik hyzmatlary hem ýerine ýetirilýr:

  • Gämini reýddan gämi duralgasyna tiz urganlama;
  • Port hyzmatlarynyň ähli görnüşleri;
  • Ýükleme we düşürme işleri, bu işlerde bir wagtyň özünde iki sany göteriji kranlar gatnaşýar;
  • Gümrük bilen bagly işler (resminamalaryň dogry we doly doldurylşynyň barlagy).

Kompaniýanyň maksady – öz müşderileri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şunuň bilen baglylykda hünärmenler topary hyzmat etmegiň ähli ugurlarynda köp ýyllyk oňyn tejribesini işjeň ulanýar.

Ýokary tehnologiýaly ulgamlar, häzirki zaman logistika gurallary we enjamlary, ýörite halas edijiler, ýöriteleşdirilen hyzmatlar we öz müşderileri üçin çykdajylary azaltmak meýilligi kompaniýa üstünlikli logistika çözgütlerini üpjün etmäge ýardam edýär.

Öň biz “Hazar Logistik” Hususy kärhanasynyň Türkmenistandaky üç bölümi üznüksiz logistika hyzmatlaryny hödürleýär habaryny beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň