Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply maldarlar şu ýyl 3,7 müň tonna ýüň taýýarladylar

15:2518.07.2021
0
4709

Lebap welaýatynyň dowardarlary ýaz gyrkymyny üstünlikli tamamlap, ýuwulmadyk ýüňüň 3,7 müň tonnasyny taýýarladylar. Bu barada «Jeyhun.news» «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp, habar berýär.

Olar häzirki günlerde bolsa dowarlary dok we ýyly gyşlatmak maksady bilen degişli taýýarlyk işlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Maldarlar tarapyndan şu döwre çenli bedäniň 1564,3 tonnasy taýýarlanyldy. Ätiýaçlyk ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak, kaşarlary we ýyly ýataklary abatlamak işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň