Türkmenistan ýylyň ahyryna çenli ÝB döwletlerine 60 tonna pomidor ibermegi meýilleşdirýär

12:1818.07.2021
0
9559

Ýylyň ahyryna çenli içerki telekeçiler Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna takmynan 60 tonna ter pomidor eksport etmegi meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginden berlen habara görä, diňe ýaz möwsüminde ýyladyşhanalaryň eýeleri takmynan 50 müň tonna pomidory eksport edipdirler. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri munuň geçen ýyldakydan has kändigini ýazýar.

Şeýle hem çeşme Awstriýanyň ilkinji gezek Türkmenistandan 20 tonna pomidor satyn alandygyny hem goşýar.

Bilermenleriň pikiriçe, ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň pomidor eksportynyň mukdary geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň