Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Abu-Dabiniň syýahatçylar üçin howpsuz ýurtlarynyň «ýaşyl» sanawyna girdi

02:1818.07.2021
0
11141

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna barmak üçin syýahatçylaryň hökmany karantinden boşadylýan howpsuz ýurtlaryň sanawyna girdi. Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň «ýaşyl» sanawyna ýurtlaryň jemi 35-si girýär. Bu barada thenationalnews.com neşirinde maglumat berildi.

«Ýaşyl» sanawyna girizilen ýurtlaryň arasynda Albaniýa, Ermenistan, Awstraliýa, Awstriýa, Azerbaýjan, Belgiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gonkong, Wengriýa, Islandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Iordaniýa, Malta, Mawrikiý, Moldowa, Niderlandlar, Täze Zelandiýa, Norwegiýa, Irlandiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Seýşel adalary, Singapur, Günorta Koreýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Hytaýyň Taýwan welaýaty, Türkmenistan, ABŞ we Watikan bar.

Bellenilişi ýaly, şu ady agzalan ýurtlardan gelýän ýolagçylara karantinde bolmak zerurlygy ýok, ýöne olar Abu-Dabide bolanlarynda, ýerli howa menzilinde koronawirusy anyklaýan PZR testini tabşyrmaly. Abu-Dabiniň, Bahreýniň, Gresiýanyň, Serbiýanyň we Seýşel adalarynyň arasynda «ýaşyl» geçelgeler hereket edýär. Munuň özi şu ýurtlara barlanda hem-de Birleşen Arap Emirliklerine yza dolanylanda, karantin çäklendirmesiniň ýokdugyny aňladýar.

«Ýaşyl» sanawa girýän ýurtlaryň sanjym edilmedik raýatlary hem-de BAE-niň wekilleri Abu-Dabi şäherine gelenlerinde üç gezek PZR testini tabşyrmaly: şähere baranlarynda, paýtagtda bolýan 6-njy hem-de 12-nji günlerinde.

Beýleki ähli ýurtlaryň raýatlary 12 günlük karantinde bolup, elektron goşarlyklary dakynmaly hem-de Abu-Dabide bolýan 11-nji gününde PZR test tabşyrmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň