Top.Mail.Ru

Berdimuhamedow XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetini gutlady

22:2216.07.2021
0
5401

Şu gün – 17-nji iýulda türkmen sport wekiliýeti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Tokio şäherine ugrady. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti olara Gutlag ýollady. Gutlagda şeýle diýilýär:

«Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!

Mähriban türgenler!

Size Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Watanymyzyň halkara sport abraýyny täze belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýoluňyz ak bolsun, mähriban türgenler!

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini hem-de ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek halkymyzyň saglygyny berkitmäge, beden taýdan taplanan, ruhy taýdan baý ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu belent maksatlardan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Şäherlerimizde we obalarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, döwrebap stadionlar guruldy hem-de ýörite okuw-sport mekdepleri döredildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we beýleki abraýly halkara sport ýaryşlary geçirilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini giňden ulanmak arkaly iri taslama üstünlikli amala aşyryldy — Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Bu işleriň ählisi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik berýär. Hemmetaraplaýyn ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary hünärli türgenleri we halkara derejedäki ýygyndy toparlary taýýarlamaga uly ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, aýratyn hem, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Bu ajaýyp zamanada ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň dzýudo, ýeňil atletika, agyr atletika, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça mynasyp wekilçilik etjek türgenlerimiziň saýlanylyp alynmagy hem Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini hem-de ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz geljekde hem sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, halkara ýaryşlarda örän şowly çykyş etmek hem-de zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris.

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Sport ussatlarymyzyň we türgenlerimiziň halkara hem-de dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, mähriban türgenlerimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygary öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýärin.

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!

Mähriban türgenler!

Size XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi hem-de uly üstünlik gazanmagy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Goý, halkara sport giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Döwlet baýdagy belentde parlasyn!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň