Türkmenistan Bütindünýä bankyndan 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdesini alar

22:0416.07.2021
0
9845

Şu gün – 16-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer S.Berdimuhamedow ýurduň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdysadyýete ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdesini çekmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet minstrligine Bütindünýä banky toparynyň Halkara Täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen netijeleri bermek barada Ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de COVID-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanlary hasabaty diňläp, häzirki döwürde halkara maliýe düzümleri bilen bilelikde birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi we degişli resminama gol çekdi. Şeýle-de alynýan karz serişdesiniň hasabyna ýurduň saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmalydygyny we bu ugurdaky işlere berk gözegçilik etmek barada wise-premýer S.Berdimuhamedowa anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň