Soňky habarlar

Arhiw

«Galatasaraý» Afiny şäherine goýberilmedi

16:5114.07.2021
1
5350

Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol kluby 13-nji iýulda Afinyda «Olimpiakos» bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşyp bilmedi. Gresiýanyň howa menzilinde türk toparynyň futbolçylarynyň 72 sagadyň içinde geçiren PCR synaglary grekler tarapyndan kabul edilmedi we olardan gaýtadan synagdan geçmek talap edildi.

Şeýlelikde, topar iki sagat garaşandan soň Stambula dolanmak kararyna geldi. Türk kluby häzir Gresiýadan resmi ötünje garaşýar.

«Euronews» tarapyndan berilýän habara görä, bu waka Ankara bilen Afinynyň arasynda deňiz zolaklaryny aýyrmak we Ortaýer deňzinde energiýa önümçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň täzeden başlan bir döwürde ýüze çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Fly ( 14.07.2021 )

...результаты ПЦР-тестов сделанных, сделанных в Турции... многовато слова "сделанных", не правда ли?

0