Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipeleriniň ikisi ýapyldy

23:1809.07.2021
0
18455

Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şol bir wagtda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýan orunbasarynyň wezipesi ýapyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly, ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, olaryň artykmaç wezipelerini aradan aýyrmak, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi ýapyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň garamagyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölümleriniň düzümi we işgär sany tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň