Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga ― 2021: dördünji tapgyryň merkezi duşuşygynda hasap açylmady

23:0609.07.2021
0
4563

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda dördünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçylarynyň arasynda geçirilip, onda “Köpetdag” bilen “Migrasiýa” toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyrdan soň 10 utukdan toplan “Köpetdag” bilen “Migrasiýa” toparlary öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler.

Naýbaşy ligasynyň 5-nji, 6-njy, 7-nji hem-de 8-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary 27-31-nji iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Dördünji tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri:

TNGIZT – “Serhetçi” – 8:3

Gollar: Rejepmämmet Ussameredow (3), Molladurdy Gylyçdurdyýew (2), Mekan Ýakubow, Jumamyrat Balkaraýew (2) (TNGIZT) – Babaly Islamow, Dawutguly Dürliýew, Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi”)

“Milli goşun” – “Gümrükçi” – 6:1

Gollar: Şamuhammet Babaýew, Timur Umirow (2), Orazberdi Myradow (2), Röwşen Daňatarow (“Milli goşun”) – Mekan Şamyradow (“Gümrükçi”)

“Köpetdag” – “Migrasiýa” – 0:0

“Senagatbank” – “Deňizçi” – 4:7

Gollar: Annaberdi Çaryýew, Berdiguly Meredow, Süleýman Babaýew, Yslam Çörliýew (“Senagatbank”) – Maksat Soltanow, Şiri Baýramdurdyýew, Kadyrberdi Berenow (2), Alişer Hudaýbergenow (2), Danil Pançenko (“Deňizçi”)

ÝARYŞ TABLISASY:

T/b

TOPARLAR

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Köpetdag”

4

3

1

0

14-3

10

2.

“Migrasiýa”

4

3

1

0

15-6

10

3.

“Deňizçi”

4

2

1

1

30-14

7

4.

“Gümrükçi”

4

2

0

2

9-12

6

5.

“Milli goşun”

4

1

2

1

13-13

5

6.

“Senagatbank”

4

1

1

2

10-14

4

7.

TNGIZT

4

1

0

3

10-15

3

8.

“Serhetçi”

4

0

0

4

10-36

0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň