Arhiw

«Gerekli» söwda meýdançasynyň hyzmatyndan ykjam goşundy arkaly peýdalanyp bolar

18:3705.07.2021
0
5997

«Gerekli» marketpleýsi özüniň ykjam goşundysynyň üsti bilen onlaýn-söwdanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy teklip edýär, onda bolsa parfýumeriýadan başlap, iri hojalyk tehnikasyna degişli köp sanly harytlary tapmak mümkin.

Smartfonlar üçin bu goşundy eýýäm işe girizildi, munuň esasy maksady bolsa söwdalaşyklaryň müşderilere mümkin boldugyça şatlyk we oňaýlylyk bagyş etmegi bolup durýar. Goşundy Android, şeýle-de IOS ulgamlary üçin elýeterlidir.

Goşundynyň bezegi ulanyjy üçin aňrybaş derejede amatlylygy gazanmaklygy hasaba almak bilen işlenip düzüldi. Onuň baş sahypasynda “Arzanlaşyklar”, “Derejeler”, “Iň köp satylanlar”, “Smartfonlar üçin iň amatly bahalar”, “Täze gelip gowşanlar”, “Güller” we “Brendler” ýaly bölümçeleriň köp sanlysy bar.

Goşundy harytlaryň häsiýetnamalary, olar barada müşderileriň seslenmeleri bilen tanyşmaga, şeýle hem dürli önüm öndürijileriň şol bir harydynyň nyrhlaryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.

Fitrlemek ulgamynyň kömegi bilen siz özüňiz üçin amatly bolan nyrhlary kesgitläp bilersiňiz. Bu size satyn almak isleýän harydyňyzy elipbiý tertibi, nyrh ýa-da müşderileriň arasyndaky meşhurlygy ýaly saýlap alan ýörelgäňiz esasynda kesgitlemekde kömek eder.

“Derejeler” bölüminde siz “Gerekli günde” her çarşenbede hereket edýän dürli arzanlaşyklardyr ýeňillikler bilen tanşyp bilersiňiz. Ulanmagyň aňsat bolmagy üçin harytlaryň sanawy derejeler (“Smartfonlar we aksessuarlar”, “Elektronika”, “Durmuş tehnikasy”, “Gözellik”, “Saglyk”, “Güller” we ş.m.) esasynda hem-de dürli brendler (Apple, Samsung, LG, Huawei we başga-da köp) boýunça ýerleşdirilendir.

Sargydyňyzy resmileşdirmek üçin goşundyda hasaba durmak, satyn almakçy bolýan harydyňyzy sebede goşmak, harydyňyz öýe getirilende, tölegiň görnüşini saýlamak gerek. Tölegiň görnüşi nagt ýa-da “Altyn asyr” kartlary arkaly nagt däl görnüşde-de bolup biler.

Ýeri gelende, «Gerekli» topary häzirki wagtda el telefonyndan hasaplaşmaga mümkinçilik berýän täze onlaýn-töleg ulgamynyň üstünde işleýär.

Haryt Aşgabat we onuň töwereklerindäki ilatly ýerlere 24 sagadyň dowamynda eltilýär. Geljekde eltip bermek hyzmatyny Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem ýola goýmak meýilleşdirilýär. 200 manatdan gymmat bolan harytlaryň eltip bermek hyzmaty — mugt, ondan arzan bolan harytlar üçin 20 manat.

Sargyt edilen haryt barada ýüze çykan sowallar boýunça +99364065666 belgili telefon arkaly maslahatlaşyp ýa-da info@gereklitm.com internet salgysyna elektron hat ýollap bolar.

Satyjylar üçin operatorlaryň goldawy döredilendir, olar size bu internet-meýdançadaky telekeçilige degişli ýüze çykan meseleleri onlaýn görnüşde çözmäge kömek ederler.

Oňaýlylyk we ygtybarlylyk— «Gerekli» söwda internet-meýdançasynyň ykjam goşundysynyň hyzmatyndan peýdalananyňa degýän möhüm ölçeglerdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň