Arhiw

Howanyň aşa gyzmagy zerarly Türkmenistanda käbir demir ýol gatnawlary çäklendirildi

14:2005.07.2021
0
33826
Howanyň aşa gyzmagy zerarly Türkmenistanda käbir demir ýol gatnawlary çäklendirildi

«Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berdi.

«Hormatly ýolagçylar! Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän howanyň gyzmagy bilen bagly duýduryş maglumatyna görä, ýolagçy otlulary wagtlaýyn çäklendirilýär. Aşgabat — Amyderýa aralygynda gatnaýan №95-nji otly togtadylýar. (Käbir gündiz ugraýan otlular togtadylýar) - diýlip habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň