Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanly talyp mermerdir kafeli tebigy serişdeler bilen arassalamagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlady

10:3505.07.2021
0
44401

Türkmenistanly talyp gowaça çöpünden we buýan kökünden taýýarlanan tämizleýji serişdäni önümçilige hödürleýär. Bu barada «Nesil» gazeti 3-nji iýuldaky sanynda habar berdi.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Sylap Sylabow mermerlerdir kafelleri gowaça çöpünden we buýanyň gabygyndan öndürip boljakdygyny ylmy taýdan subut etdi. Bu başlangyç talyp ýigidiň «Tebigy ekologiki arassalaýjy serişdesi» atly ylmy işinde öz beýanyny tapýar.

— Bu usul iki tapgyrdan durýar. Birinji tapgyrda gowaçanyň çöpi ýakylyp, küli suwda gaýnadyldy we süzüldi. Şeýlelikde, aşgar häsiýetli suwly ergin alyndy. Ikinji tapgyrda şerbet önümçiliginde peýdalanylan buýan köküniň galyndysy etanolyň suwly ergini bilen ekstragirlendi. Bu işde çig mal hökmünde ýurdumyzda bitýän buýan köki peýdalanyldy. Alnan gury ekstrakt birinji tapgyrda taýýarlanan aşgar ergine goşuldy. Taýýar bolan önümiň üstünde synag-tejribe işleri geçirildi — diýip, ýaş alym işiň tertibini düşündirýär.

Sylap ylmy ýolbaşçysynyň kömegi bilen alnan serişdäniň tämizleýjilik ukybyny kemsiz synagdan geçirdi. Alnan netije hem hiç neneň däl: türkmen talybynyň işläp taýýarlan serişdesi hem ýokary derejede tämizleýär hem-de asla zyýansyz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň