Soňky habarlar

Arhiw

Noýabrda Londonda “Türkmenistanda maýa goýum we ösüş” atly forum geçiriler

23:5904.07.2021
0
6628

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 2-3-nji noýabr aralygynda Londonda “Türkmenistanda maýa goýum we ösüş” atly forum geçiriler. Forum “Nielsonsmith” kompaniýasy tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy alty pudagynda – nebit-gaz, senagat, telekommunikasiýa, himiýa, energiýa we gurluşyk pudagynda bar bolan söwda mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.

Şeýle-de foruma gatnaşyjylar bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmak mümkinçilikleri barada pikir alyşarlar.

Duşuşyk analitikleri we bilermenleri, halkara kompaniýalarynyň wekillerini we Türkmenistanyň resmilerini bir ýere jemlemek maksady bilen geçirilýär.

Mundan başga-da, forum Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin gowy mümkinçilikleri açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň