Soňky habarlar

Arhiw

«Muhammet-Balkan» tarapyndan yglan edilen aýakgap dizaýny bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

18:5803.07.2021
0
12149

«Muhammet-Balkan» kompaniýasy «Instagram»-daky @mb_shoestm resmi sahypasynda yglan eden iň gowy dizaýn bäsleşiginiň ýeňijisini kesgitledi.

Eminler iň gowy dizaýn hökmünde erkek aýakgabynyň dizaýnyny hödürlän @ezizdukanow hasabyny saýladylar.

Kompaniýanyň marketing bölüminiň müdiri Baýramgeldi Begenjowyň «Turkmenportala» gürrüň berşi ýaly, bäsleşikde hödürlenen teklipleriň iň köp «halanan» almagyna hem üns berildi. Ýeňiji bolan modeliň ýakyn geljekde «MB-Shoes» tarapyndan öndürilip başlanmagyna garaşylýar.

Kompaniýa şeýle bäsleşigi taryhynda ilkinji gezek geçirip, müşderilerine has ýakynlaşdy. Bäsleşige dizaýn işleriniň onlarçasy hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň