Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň, şol sanda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň zerurlygyny tassykladylar.
Sebit we halkara guramalarynyň çygryndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, ministrler şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.