Arhiw

Aşgabatda futzal eminleriniň okuw-seminary geçiriler

23:3501.07.2021
0
3955

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Aşgabatda ýurdumyzyň futzal eminleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň futzal çempionatynyň – «Naýbaşy liganyň» öňüsyrasynda dört günlük okuw-seminary geçiriler. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferensler zalynda geçiriljek okuw-seminarynyň esasy maksady futzal eminleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, FIFA-nyň maslahatynda bellenilişi ýaly oýun düzgünlerine düşündiriş bermekden ybarat bolar. Onuň dowamynda FIFA-nyň fitnes-testi, şeýle-de, Oýun düzgüni boýunça wideo ýazgylar arkaly ýörite synaglar geçiriler.

Okuw-seminarynyň gözükdirijisi hökmünde TFF-niň futbol eminleriniň komitetiniň ýolbaşçysy, AFK-nyň gözükdirijisi – Wadim Baratow çykyş edýär. Okuw-maslahaty 1 ― 4-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň