Türkmenistanda ilatyň saglygyny jöwzanyň täsirinden goramak boýunça Çäreler meýilnamasy taýýarlanýar

12:0601.07.2021
0
21808

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzda iş alyp barýan bölümi Türkmenistanyň ilatyny adatdan daşary yssy howanyň täsirinden goramak boýunça Çäreler meýilnamasyny düzmek meselelerine dgişli onlaýn iş ýygnagyny geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Meýilnama düzmek işi Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz netijelerine uýgunlaşdyrmak boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin milli hereket meýilnamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Bu resminama, şeýle hem “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna girizilen ýörelgelerden ugur alýar. Ony işläp düzmäge BSGG-niň Ýewropa býurosynyň we BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň köp pudaklaýyn iş topary işe çekildi.

Türkmenistanda ilatyň saglygyny adatdan daşary yssynyň täsirinden goramak boýunça Çäreler meýilnamasynda saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge, öz wagtynda we täsirli çäre görmegi üpjün etmek üçin, yssy howanyň başlanjak we dowan etjek möhleti barada duýduryş ulgamyny döretmäge, şeýle hem jogap çärelerini we yssydan hem onuň howpundan goranmak baradaky maglumatlary dolandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, duşuşygyň barşynda duýduryş we çäre görüş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin, BMG-niň, BSGG-niň guramalary we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Doktor Wladimir Kendrowski: «Geljekki meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginde howanyň üýtgemegi we beýleki global tendensiýalar sebäpli ýylylyga öwrenişme we uýgunlaşma jähetinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleriň orny kiçi-girim bomaz» diýdi.

Meýilnamanyň ilkinji taslamasy şu ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar diýlip çak edilýär. Bütindünýä Saglyk Guramasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligine saglyk ulgamlarynyň yssy howanyň ýaramaz täsirlerine taýýarlamaga gönükdirilen giňişleýin öňüni alyş çäreleri we işler boýunça goldaw bermegini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň