Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2021-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler.
Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.