Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla taýýar edildi

22:2030.06.2021
0
7390

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.

Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyny gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar.

Soňra zala her welaýatdan elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekiller geldi.

Çagalar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy bereketli türkmen topragy hem-de ondan bol hasyl alýan zähmetkeş daýhanlarymyz baradaky goşgulary bilen gutladylar.

Oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda edilýän alada, toprakdan bol hasyl almak, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň abraýyny artdyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin welaýatlaryň ähli zähmetkeşleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çagalar milletiň Liderini galla oragynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli guralýan dabara bilen gutlap, ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.

Döwlet Baştutany gallaçylaryň gazanan üstünligi bilen gutlandyklary üçin welaýatlaryň ýaşajyk wekillerine minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň